Ylym-bilim — kämilligiň binýady

17 Ýanwar 2021
1861

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ähmiýet berýän bu ulgamy ähli raýatlarymyzyň ýaşaýşyna we medeniýetine dahyllydyr. Adamzat taryhynda örän uly ähmiýete eýe bolan bilim babatdaky ýörelgeleriň döwlet derejesinde ösdürilmegi guwandyryjydyr.

Bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmäge we dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpyň okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi, mekdep okuwçylarynyň okuw kitaplary bilen mugt üpjün edilmegi, çagalar baglarynda we orta mekdeplerde iňlis, rus, türkmen dilleriniň öwredilmegi bu ulgamyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar