Dil öwretmegiň ähmiýeti

14 Ýanwar 2021
1779

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Merjen ATAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar