Milli nagyşlaryň teşnesi

13 Ýanwar 2021
2049

Aýgözel bilen tanyşlygym onuň egnindäki nepis nagyşly keteni köýnegine nazarym düşen pursadyndan başlady diýsem hem bolýar. Onuň ýanyna baranymy özüm bilmän galypdyryn. Sebäbi gözüň ýagyny iýip barýan keteni meni jadylapdy. Onuň döwrebap biçüwde tikilmegi bolsa, çeper elleriň ussatlygyndan habar berýärdi. Biz onuň bilen edil öňden tanyş ýaly gürrüňleşip gitdik.

Bu gyzyň talyp bolmagy mende buýsançly duýgulary oýardy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Aýgözel Amangeldiýewa kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna gadam basan ilkinji ýylynda öz talyp durmuşynda uly üstünliklere eýe bolmagy netijesinde milli nagyşlar bilenem has içgin gyzyklanýar. Çeper elli gyz rus, türk, iňlis we ispan dillerini suwara bilýär. Onuň şol dillerde çeper kitaplary kynçylyksyz okamagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň köp dili bilmekleri baradaky sargytlaryny, öwüt-ündewlerini talyp durmuşynda ulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Leýli SAPARGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar