Döwrebap bilim — mizemez binýat

13 Ýanwar 2021
1799

Her bir jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň gözbaşynda ylym-bilim durýar. Ýer ýüzüniň islendik ösen ýurdunyň ýeten belent derejesiniň, gazanan üstünliginiň syry bilen gyzyklananyňda, şübhesiz şu hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Munuň özi bu ulgama berilýän ünsüň, bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň düýp manysyny açyp görkezýär.

Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzy belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler bilim işgärlerini has jogapkärli işlemeklige borçly edýär. Şu hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmäge, şonuň netijesinde ýaş nesli sagdyn, sowatly, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek bilen bagly möhüm meselä uly ähmiýet berýär.

Jumasoltan ÝARMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar