«Gyz edebi — il edebi», «Gyzly öý — gyzylly öý», «Gyzy baryň — näzi bar», «Gyz edebi — gyzyl gül» ýaly nakyllary döreden halkymyz gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns beripdir. Geljekde kişi maşgalasy bolan gyzlary heniz aga-gara düşünip ugranyndan eline iňňe-sapak berip, el işlerine gözükdiripdir. Ene-mamalarymyzyň gyzlarynyň eliniň çeper bolmagyndaky aladalary ýerine-de düşüpdir. Çünki her bir ýaş gyz ertirki gün bir öý-ojagyň keşigini öz egnine almaly enedir. Olar ojak eýesi diýlip arzylanýar. Haçan-da howlynyň, öýüň içi-daşy gül pürkülen ýaly tämiz bolsa, ojakdan dürli tagamlaryň jana ýakymly hoşboý ysy gelip duran bolsa, onda şol öýdäki öý bikesiniň ozal edep-terbiýe, görüm-görelde gören gyzdygyndan habar berýär.
Halkymyzyň gyz perzendiniň edep-ekramyna, el işlerine bolan garaýşy halk döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Munuň özi gyz maşgalanyň asylly we çeper elli bolmalydygy hakyndaky pikiri öňe sürýär. Edebinde gyzyl güle deňelýän gyzlar hakynda döredilen nakyllar pederlerimiziň durmuş tejribesinden gözbaş alan pikirlerdir. Şonuň üçin olaryň hemmesi hem, aýdylyşy ýaly, gyzylyň gyryndysy ýaly aýalyp saklanylýar. Olar diňe bir nakyllarda däl-de, rowaýatlarda, gürrüňlerde hem ilden-ile, dilden-dile geçirilip gelinýär. Ine, gyza el işlerini öwretmekde «Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy» diýlen aýtgyny ýatlalyň. Bir gelniň iki sany baldyzy bolup, olaryň biri el işlerini öwrenmäge höwesek eken. Beýlekisi bolsa ýaltarak eken. Haçan-da ýeňňesi baldyzlaryna el işlerini öwredende, ýaňky gyzlaryň biri ilki-ilkiler ýalňyşrak etse-de, soň-soňlar ökdeläpdir. Beýleki baldyzynyň bolsa şol bir bolşy diýýär. Ol her gezek ýeňňesi iş öwretmekçi bolanda, özüne edip bermegini haýyş edýän eken. Ine, şeýdibem, gyzlar yzly-yzyna durmuşa çykypdyrlar. Şonda nagyşlary öwrenmäge yhlas eden çeper elli baldyzy gaýyn öýünde-de hiç hili kynçylyk görmändir. Keşde-nagyşlary ýeňňesine etdiren baldyzy bolsa, gaýyn öýünde tikin-çatyn işlerini oňarman aljyrapdyr. Şonda ol öz ýeňňesinden öwrenmedik işlerine puşman edip: «Wah, edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy eken» diýipdir.