Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy

1 gün öň
42

Mary welaýaty, 25-nji dekabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda zerur işler amala aşyrylýar.

Beýleki habarlar