Ýürekleriň buýsanjy Watan!

1 gün öň
64

Köňüllere ýol salýan eser

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir günümiz ajaýyp wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly gymmatly eseri ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şöhratly taryhymyzyň çeper beýany bolan bu eser iki bapdan we birnäçe bölümden ybarat bolup, onda halkymyzyň baý geçmişi, medeni we ruhy mirasy hakynda buýsançly söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy. Halkymyz özüniň bäş müň ýyldan habar berýän taryhynda şu belent ahlak sypatlaryny tug deýin belentde saklap gezdi» diýip bellemek bilen, şöhratly taryhymyza ýokary baha berýär.

Beýleki habarlar