Sagdynlyk — bagtyýarlyk

12 sagat öň
23

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, saglygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýete ornaşdyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda  raýatlary abadan we sagdyn durmuşda ýaşatmak, saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak, halkymyza ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek boýunça ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň raýatlaryň sagdyn hem sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny goramak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýen sözleriniň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlar bilen utgaşýandygynyň açyk-aýdyň subutnamasydyr.

Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy kesgitlenmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady täze kanunlaryň kabul edilmeginiň, hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň hasabyna kämilleşdirilýär. Ynsan saglygyny goramak bilen baglanyşykly milli kanunçylykda bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri beýan edilýär. Olaryň maksady raýatlaryň saglygyny goramakdan, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmekden we ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hojabibi ARAZDURDYÝEWA,
Balkanabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar