Nebitçi — hormatly kär

12 sagat öň
14

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň kärhanalaryny, önümçilik düzümlerini ösdürmekde, senagat kuwwatyny artdyrmakda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Pudaga sanly maglumat tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy bizi diýseň begendirýär.

Men nebitçi kärini saýlap, nebitgaz pudagynda işlemegi çagalygymdan arzuw etdim. Häzir ýürekde beslän maksadymyza ýetmek üçin saýlap alan hünärimiziň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwrenýäris. Welaýatymyzyň çäginde Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja, Keýmir, Çekişler, Akpatlawuk ýaly nebitgaz ýataklarynyň ençemesi bar. Şolar bilen birlikde, ýangyç gorlaryna baý täze meýdançalar hem senagat taýdan işjeň özleşdirilýär.

Muhammet GURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyby.
Beýleki habarlar