Halal zähmet — baky döwlet

7 Ýanwar 2021
2029

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet gullukçylarynyň halallygyny berkitmäge gönükdirilen kämil kanunlaryň biri-de, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Täze taryhy eýýamda bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksady bilen alnyp barylýar. Şeýle hem ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny goramaga Türkmenistanyň milli howpsuzlygy, döwlet edaralarynyň, şonuň ýaly-da döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň hem-de olara deňleşdirilen adamlaryň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Agzalan Kanunyň 2-nji maddasynda korrupsiýa garşy hereket etmegiň hukuk esaslary kesgitlenendir.

Sona GAÝYPOWA,
Mary şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar