«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary astynda türkmen ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn üns berlip, türkmen atçylyk pudagy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly gadam basýar. Ahalteke bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Baryp irki döwürlerde ahalteke atlary aňrybaşy gözelligi, okgunly çalasynlygy, ýyndamlygy we ýiti duýgurlygy bilen halkara derejesinde meşhurlyk gazanypdyr. Onuň at-abraýy atlaryň ähli beýleki tohumlaryndan öňe geçmegi başarypdyr. Şonuň esasynda watansöýüjilik duýgularyny we ynsanperwerlik däplerini kemala getirmekde ahalteke bedewleriň eýeleýän ähmiýeti ýüze çykýar. Munuň şeýledigine «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem juda möhüm wakalaryň biridir. Şeýlelikde, bedew atlar tutuş Ýer ýüzüniň medeniýet pudagynda naýbaşy nusgalaryň biri hökmünde kabul edilýär.