«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Bu keremli topragyň bize eçilen nygmatlary her bir ynsanyň ömrüne ömür goşýar. Durmuş wakalary asyrlar aşan adamlaryň ýüzünde bu günki gün hem mizemez bagty görmek bolýar. Maňlaýynda joýa ýasan ýygyrtlarda Watana, il-ýurda, ene topraga çeken zähmeti, eden yhlasy duýulýar. Döwür olara ençeme sütemleri görkezen bolsa-da, häzirki wagtda bagtly eşretiň hözürini görýärler. Çünki bu döwür – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri.