Milli buýsanjyň çeşmesi

1 gün öň
52

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, ýiti zehininden kemal tapan eserleri biziň her birimiziň durmuş şamçyragymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny we nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan bu eserler ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk, päk ahlaklylyk, ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde hem gymmatly hazynadyr.

Ine, mähriban Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda peşgeş beren täze — «Hakyda göwheri» atly kitaby hem halkymyzyň şöhratly taryhyna hem-de edebi mirasyna belent buýsançdan dörän kämil eserdir. Kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýen iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynda taryhyň dürli eýýamlarynda dünýä ýaň salan beýik türkmen döwletleri bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada söhbet edilýär. «Ruhy miras» babynda bolsa halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden bäri dowam edip gelýän milli ruhy ýörelgelerimiziň çuň filosofiýasy beýan edilýär.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar