Kitap — kalbyň açary

1 gün öň
30

Şu gün kitaplaryň dünýäsine aralaşyp, olar hakynda giňişleýin gürrüň edesim geldi. Asyrlar aýlanyp, döwürler üýtgese-de, kitaplar her döwrüň öz ýüzüni, öz wakalaryny saklap galýar. Ýazyjy-şahyrlaryň ýürek sesi bolan eserlerini okanyňda hyýalyňda olaryň ýaşan döwrüne düşüp, olaryň başyndan geçiren wakalaryna ulaşmak tötänlik däl. Çünki kitap okaýan wagty okyjy şol kitaba bendi bolup, ony söýýär, kalby-ýüregi bilen kitabyň içine siňýär. Esasan hem, halka iň ýakyn bolan nusgawy edebiýatymyz adamlary durky bilen özüne kökermegi başarýar. Sebäbi milletiň, diniň-diliň, durmuşyň olardan üzňe däldigi üçin kitabyň awtorlarynyň ykbaly okyja öz ykbaly ýaly täsir edýär.

Käýarym uzynly gije kitabyň yşkyna örklenen wagtymyz, bir-de tolgunyp, bir-de ýylgyryp oturyşymyza daňyň nädip agarandygyny duýman galýarys. Kitabyň yşky gijäňi gündiz etmäge mejbur edýär. Okyjy uly gyzyklanma bilen kitaba siňip, daň atýança ondaky gyzykly wakalardan, ondaky gahrymanlaryň ykbalyndan aýrylyp bilmän kitap okamagy dowam edýär. Şonuň üçin hem kitaplar täsin dünýädir. Onuň yşkyna düşene gutulma ýok. Ony söýen adam ykbalyna öwürýär. Kitabyň aşyklaryna owadan geýim-gejimlerdir naz-u-nygmatlar ilkinji zerurlyk däldir. Çünki olar ruhy taýdan iýmitlendiriji güýje, aň taýdan kämmilleşdiriji melheme, akyl-paýhasyň tükenmez hazynasyna eýedirler. Beýle adamlary dünýäniň maddy baýlygy imrindirip bilmeýär. Olar durmuşda esasy zerur zatlaryny halallyk bilen gazanyp, bar bolan zadyna şüküranalyk bilen guwanyp bilýärler. Kitaba berlenleriň göwni-de, gözi-de dok bolýar. Olar gözellikden, mähirden, akyldan, söýgüden ylham alýarlar. Şeýle adamlar dünýä, haýyr-sogaba, ýagşylyga, ýamanlyga, edýän ýagşydyr ýamanlyklaryň hökman özüňe dolanyp gelýändigine akyl ýetiren adamlardyr.

Maksat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri.
Beýleki habarlar