Bazarlarda bereket bar

2 gün öň
31

Iş bilen öý aralygyndaky gatnawym Teke bazarynyň üstünden düşensoň, Täze ýyl baýramynyň ýakymly täsirinden kalbyny pürepürleýänleriň ilkinjileriniň biri bolsam gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny jemleýji aýyň ilkinji günlerinden ak bazaryň gözümi dokundyrýan harytlarynyň üstüniň Täze ýyl baýramynyň buşlukçylary bilen ýetirilendigini görüp, çaga sabyrsyzlygy bilen jadylaýjy pursatlara garaşýaryn. Süýjüliklerden dos-doly sowgatlyklar, ertekilerdir multfilmlerdäki gahrymanlaryň keşbindäki lybaslar, dürli ululykdaky täsin arçalar we olaryň bezegi üçin niýetlenen älemgoşar öwüşginli zerler, oýnawaçlar, yşyklar, mahlasy, adyny tutan zadyň bar. Baýramçylyk ruhuny bagyşlaýjy bazara baryp, barha gyzyşýan söwda, bol harytlaryň köpdürlüligine, elýeterli nyrhlaryna guwanyp, her biriniň deňinde biygtyýar, nähili aýak çekenimi-de duýman galýaryn. Ter miweleriň, gök we bakja önümleriniň melul ediji hoşboý müşki-anbary, olaryň gaplamalarynyň, şire suwlarynyň şirin-şekerligi işdä beleň berýär. Şeýle pursatlarda satyjylaryň hoşamaýlyk bilen harytlaryny mazamlamalary-da hoşuma gelýär.

Goruny toýlarynda gowzadýan halkymyzyň ýurdumyzyň söwda nokatlarynda dolup-daşmasy — bagtyýarlygyň, eşretli durmuşyň hakykat ýüzünde şöhlelenmesinden bir pursat. Her kim baýramçylyk desserhanyny delje dürli-dümenlerden doldurmak, çagalaryna, ýakynlaryna, dosty-ýaryna sowgatlyklary saýlamak bilen gümra. Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin görülýän taýýarlyklaryň hysyrdylary, süýjüje aladalary, bu jadyly baýramyň bazarlardan, söwda nokatlaryndan badalga alýandygyny görkezýär.

Meýlis GARAJAÝEW,
«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar