Baýramçylygyň belent ruhy

2 gün öň
51

Ýagşy arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Täze ýyl baýramy ynsanlara şatlyk hem bagtyýarlyk eçilýär. Tutuş ýylyň dowamynda çekilen zähmete, bitirilen işlere, gazanylan üstünliklere baha berlip, ömrüň täze menziline gadam goýulýan baýramçylygyň öňüsyrasynda töwerek-daşyň gözel keşbe girmegi, söwda merkezlerindäki we bazarlardaky bolçulyk, kalplardan syzylyp çykýan mähirli gutlaglar, ýagşy arzuwlar durmuşa söýgini artdyrýar. Eziz Diýarymyzy gurşap alan baýramçylygyň belent ruhy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ildeşlerimiziň eşretli durmuşda ýaşaýandygynyň nyşanydyr.

Täze ýyly baýramçylyk saçagynyň başynda garşylamak halkymyzyň asylly däbine öwrülip, il-ulsumyzyň agzybirligini, döwrümiziň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Nurana baýramyň ýakynlap gelýän günlerinde bazarlarda, söwda we medeni dynç alyş merkezlerinde dürli görnüşli harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamagy ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Baýramçylygyň bosagasy konditer we azyk önümlerini taýýarlaýan kärhanalar üçin aýratyn jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Hususyýetçiler tarapyndan milli haryt nyşanly süýjülikleriň, et we şöhlat önümleriniň, del tagamlaryň täze görnüşleriniň öndürilmegi, güneşli ülkämizde ösdürilip ýetişdirilen ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň alyjylara elýeterli nyrhlardan hödürlenilmegi hemmeleri-de begendirýär. Şu günler «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Hasar», «Oguzhan» ýaly konditer önümlerini öndürýän kärhanalarda çagalar üçin baýramçylyk sowgatlyklarynyň dürli görnüşlerini taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýan bolsa, bu ugurda ýöriteleşen kiçi we orta telekeçilik düzümleri tarapyndan baýramçylyk süýjüliklerini, epmeleri bişirmek boýunça sargytlar kabul edilýär.

Sultan ATAKIŞIÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar