Balkanyň bereketli bazarlary

23 Dekabr 2024
65

Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatyň söwda nokatlarydyr ak bazarlaryndaky önümleriň hem-de sowgatlyk harytlaryň bolçulygyny göreniňde göwnüň göterilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dükanlaryň we bazarlaryň ýokary hilli azyk önümleri we sowgatlyk harytlar bilen bolelin hem-de elýeterli bahalardan üpjün edilmegi barada beren tabşyrygynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.

Şu günlerde welaýatyň köpugurly söwda bazarlarynda azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň we olaryň dürli öwüşginli bezegleriniň söwdasy barha gyzyşýar. Welaýatyň şäherleridir etrap merkezleriniň Täze ýyl arçalary bilen bezelen ajaýyp künjeklerinde, döwlet eýeçiligindäki hem-de hususy söwda nokatlarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölümi tarapyndan giňden ýola goýlan baýramçylyk söwdalary alyjylary diýseň begendirýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar