Kämilligiň berk binýady

22 Dekabr 2024
153

Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagynyň, onuň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýandygyny bilermenler tassyklaýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurduň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösüşini çaltlandyrmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we başlangyç okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir.

Tehnologiýanyň ösmegi bilen elektron kitaplardan, elektron kitaphana ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany köpelýär. Türkmenistanyň kitaphanalarynda elektron kitaplar toplumy döredilip, ol kitaplar baradaky maglumatlar hem sanly ulgam arkaly beýan edilýär. Ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazgylarynyň nusgalary hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini täze, döwrebap derejä çykarýar. Çünki elektron kitaphana ulgamy okuwçydyr talyplaryň we mugallymlaryň arasynda bitewi elektron bilim gurşawyny emele getirýär.

Bahar ANNAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar