Häzirki döwürde emeli intellekt sanly tehnologiýasy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasyna öwrüldi. Bu tehnologiýa kompýuterler we maşynlar arkaly ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin onuň artykmaç taraplary örän köpdür.
Emeli intellekt tehnologiýasy, köplenç, mälim bolmadyk ugurlary kesgitlemek üçin giň maglumatlary almagy güýçlendirýär. Ine, maşyn öwrenmek algoritmleri taryhy maglumatlary seljermäge, geljekde netijeleri çaklap bilmäge mümkinçilik berýär. Bu ösen tehnologiýanyň kömegi bilen terjime etmek, iň kyn meseleleri çözmek ýaly işleri hem ýerine ýetirip bolýar. Häzirki wagtda gündelik durmuşda enjamlar we dürli programmalar ulanylýar. Emeli intellekt ulgamlary üznüksiz hyzmaty ýerine ýetirip, arakesmesiz işleýär. Bu bütin dünýäde dynuwsyz işleýän kärhanalar üçin has-da peýdalydyr.