HYTAÝ DILINI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI

21 Dekabr 2024
66

Hytaý dilinde dillere mahsus bolan adaty elipbiýiň ýerine iýeroglifler bolup, olar biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan harplarymyzdan düýpgöter tapawutlanýar. Hytaý dilindäki ýazuw aňlatmalary diňe özboluşly ýazgylardan ybaratdyr. Üns bilen synlananda, bu ýazgylar (iýeroglifler) biziň daş-töweregimizi gurşap alýan şekillere, hadysalara meňzeşdir. Hytaý iýeroglifleri «hanzi» diýip atlandyrylýar. Käbir çeşmelerde häzirki döwürde ýigrimi müňden gowrak hytaý iýeroglifleriniň bardygy ykrar edilendir. Dilçi alymlar hytaý diliniň doly sözlüginde kyrk müňden gowrak we ondan hem has köp iýeroglifiň bardygyny belleýärler.

Ylmy barlaglary alyp barýan ýa-da bu ugurda ylmy kitaplary ýazýan işgärler gündelik durmuşda örän köp sanly hytaý iýerogliflerini ulanmaly bolýarlar. Munuň sebäbi hytaý hatynda bir iýeroglifiň many taýyndan baglanyşygy bolan birnäçe düşünjeleri bilelikde aňlatmaga ukyplylygyndadyr. Mysal üçin, aýagy aňladýan iýeroglif diňe bir aýagy aňlatman, ädimlemegi, ätlemegi, ýöremegi, gitmegi, durmagy, ugramagy aňlatmaga, gözi aňladýan iýeroglif bolsa görmek, seretmek, üns bermek ýaly düşünjeleri aňladyp bilýär. Hytaý dilinde diňe bir gazetleri okap biler ýaly, oňa düşüner ýaly derejede sowatly bolmak üçin alty-ýedi müň iýeroglifi bilmek zerur hasap edilýär. Şeýle-de ýurtda tehnologiýanyň ösmegi bilen täze iýeroglifler hem döreýär.

Sylap BAÝRAMOW
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar