Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

20 Dekabr 2024
32

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, oňa dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar.

Ýan­gyç gor­la­ry­na baý ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, te­bi­gy ga­zy dün­ýä ba­zar­la­ry­na di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len iber­mek, ne­bit­gaz se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­läp, dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra fo­rum­la­ryň mej­lis­le­rin­de de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­raý­şy­ny en­çe­me ge­zek be­ýan et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň do­ly gol­da­wy­na eýe bol­dy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyl­lar­da ka­bul edi­len «Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi hem-de dur­nuk­ly ösü­şi we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de onuň hyz­ma­ty» at­ly BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len ber­ki­dil­di.

Beýleki habarlar