Ykdysady ösüşler – abadançylygyň kepili

20 Dekabr 2024
36

Ber­ka­rar döwletiň täze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li ug­ry bo­lup dur­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň çig mal ön­dür­ýän ýurt­dan in­no­wa­si­on hä­si­ýet­li taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän ýur­da öw­rül­me­gi­niň Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan al­nyp bar­lan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän di­wer­si­fi­ka­si­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da müm­kin bo­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.

6-njy de­kabr­da şu ýy­lyň on bir aýy­nyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­ny hä­si­ýet­len­dir­ýän mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri bo­lan je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy be­ýan edil­di. Dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­de ga­za­ny­lan bu ne­ti­je­ler hä­zir­ki dö­wür­de ama­la aşy­ryl­ýan oý­la­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir.

Beýleki habarlar