Parahat durmuşa söýgini wagyz etmek ata-babalarymyzyň bu toprakda ýola goýan ýörelgeleriniň ajaýyplarynyň biridir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi dostlarymyzyň sanyny, gatnaşyklarymyzyň gerimini ýylsaýyn artdyrýar. Malaýziýa döwleti bilen däp bolan gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol gatnaşyklar taraplaryň hoşmeýilli erk-islegi bilen berkidilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary hem dostlukly gatnaşyklarymyzda täze sahypany açar.
Garaşsyz Diýarymyzyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlarynyň biri bolan Malaýziýa Federasiýasy bilen diplomatik gatnaşyklarymyz 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. 2013-nji ýylda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylmagy gatnaşyklara täze badalga berdi. Bu günki gün Türkmenistan Malaýziýa bilen ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär.