BEREKEDIŇ TÄZE KEŞBI

15 Dekabr 2024
40

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ak bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek we öz ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ildeşlerimiziň islegini kanagatlandyrmak ugrunda öwgä mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň tüýs ýerine düşýändigini bolsa bazarlardyr söwda nokatlaryna baranyňda, gözüňi dokundyrýan görnüş aňryýany bilen subut edýär. Ata Watanymyzda asudalyk owazy belentde ýaňlanyp, berekediň we bolçulygyň ýakymly görnüşi göwünleri joşdurýar.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzyň dürli künjegindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň öňünde guralan göçme söwda nokatlarynda Täze ýyl sowgatlyklary, bu baýramyň bezegi bolan arçalar we her hili bezeg oýunjaklary bilen birlikde, ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşi halka hödürlenilýär.

Sahypany taýýarlan: Sadap HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar