Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki “Bagt ýoly” toý mekanynda geçirilen şatlyk-şowhunly dabara Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň guramagynda bolan dabara dürli kärde işleýän zähmetkeşler, ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.
Toý zalyna ýygnanan ildeşlerimiz baýramçylyk gutlaglarynda il-günümizi baky bagtyýarlyga ýetiren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini, hoşallyklaryny beýan etdiler.