Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň, onuň işiniň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi türkmen halkynyň özboluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar.
Bilşimiz ýaly, 7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler, onuň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakynda hasabatlar diňlenildi.