— Häzirki döwürdäki ýokumly çaga ertirlikleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýen ýaly. Biri-birinden ýokumly şüleler, hemenekler çagany etikdirip, elinden çekilen ýaly edäýýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän dürli görnüşli çaga şüleler-ä has-da ýokumly. Söwda nokatlaryndan yzygiderli alýaryn. Bahalaram amatly. 2 ýaşly oglum Mülkä şol gury ertirliklerden berip başlalym bäri, posalajyk çaga öwrüläýdi. Özem has işdämen ýapyşýar. Şokolad tagamly, ary bally, banan tagamly gury ertirliklerden beýleki çagalaram ýüz sowjak däller. Dadyp görenleri ýene iýjekden. Olaryň gaplanyşy hem özüne çekiji, owadan suratlar bilen bezelen. Iýmitler çaganyň bedenine gerekli ýokumly maddalara örän baý eken. Tebigy arassa önümlerden — ýokary hilli bugdaý, mekgejöwen unundan, mekgejöwen petinden we hemenek ýarmasy esasynda öndürilýär diýýärler. Gyzyklanyp görsem, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda öndürilýän ol önümleri köp eneler peýdalanýan ekenler. Olaryňam aýdyşy boýunça, şol iýmitler çagalaryň iň halaýanlary borly. Şeýle ýokary hilli önümleriň öndürilýändigi üçin döwrümize guwanýarys, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.