15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp aýdymdyr sazlaryň owazy astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsow garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň.
Şol gün Baş arçanyň töwereginde ýaş aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, toý lybaslaryny geýnen sirk we teatr artistleri, söýgüli ertekileriň gahrymanlary ýygnanyp, haýran galdyryjy çykyşlaryň başlanmagyna şadyýan garaşdylar.