Belent ykrarly şäher

18 Dekabr 2024
101

Döwrüň beýik gudraty diýlip ykrar edilen Arkadag şäheri täze taryhy döwürde şäher gurluşygyndaky döwrebaplygy, ekologiýa bilen sazlaşyklylygy we ýurdumyzyň innowasion ösüşini alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadag şäherini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň nusgalyk şäherine öwürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu hakykat şäheriň dünýäniň abraýly guramalarynyň halkara güwänamalarydyr baýraklaryna mynasyp bolmagynda has äşgär görünýär.

Awstriýanyň Wena şäherinden gelip gowşan Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary hem Arkadag şäheriniň nobatdaky halkara üstünligidir. Täze şäheriň binagärlik we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän görkezijilerine berlen bu ýokary baha ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem ol täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejede hasaba alynmagy, olaryň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy esasynda tassyklanylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň we egsilmez yhlasynyň aýdyň netijesidigi hakynda buýsanç bilen nygtamak zerur. Bu ugurda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesi, Arkadag şäheriniň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagynda hem aýdyň görünýär. Şeýle hem bu Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa degişli önümleriniň hil derejesiniň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy bilen binýat edilýän Arkadag şäheri halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Şemşat ÇARYÝEWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar