Terbiýe mekdebi

18 Dekabr 2024
84

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda mähriban kyblasy Berdimuhamet aganyň ömür, durmuş ýoly barada giňişleýin beýan edilýär. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam gezmez, at gezer» diýip belleýşi ýaly, Berdimuhamet aganyň türkmen halkynyň arasynda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Muny Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden aýdyň görmek bolýar.

Romanyň baş gahrymanynyň durmuşyň dürli ugurlaryndaky iş-gatnaşyk tutumy zähmetsöýerligiň taýsyz nusgasydyr. Şeýle tutumda çekilýän zähmetiň psihologik ýerligi hökmünde işiň gidişinden alynýan kanagatlanma, syzylýan lezzet hem şahsyýetiň özüni alyp barşynyň özboluşly hereketlendirijisine öwrülýär.

Akjagül ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar