Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

6 Ýanwar 2021
1715

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi. Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar.

"Nesil".
Beýleki habarlar