Ylym-bilim — ösüşleriň binýady

18 Dekabr 2024
66

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi ýurtda alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr» diýen parasatly sözleri, ylmyň-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we özboluşly many öwüşginlerini berýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna uly üns berilýär, onuň yzygiderli kämilleşdirilmegi üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.

Ylym-bilim jemgyýetiň ösüşinde hereketlendiriji güýçdür. Hut şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň başlangynjy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ulgamlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, bilim bermegiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, sanlylaşdyrmak we sanly tehnologiýalar ulgamyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň iň täze maglumat tehnologiýalary durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmak bilen, ýokary tizlikli internet arkaly ylmy maglumatlar gorunyň dürli çeşmelerinden peýdalanmaga mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz bilim ulgamyny ösdürmegiň has belent tapgyryna gadam basdy. «Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudagyň ähli ugurlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Bilim ulgamynyň ähli düzümlerinde okatmagyň we işleri alyp barmagyň sanly serişdelerini ornaşdyrmak ýola goýuldy. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bolsa, bilim ulgamynyň işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge düýpli itergi berdi.

«Esger».
Beýleki habarlar