Şöhrata hem ösüşe beslenýän döwür

18 Dekabr 2024
138

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen Ýer ýüzünde barha belende göterilýändigine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gitdigiçe ýokarlanýandygyna biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda uly ösüşlere beslenýän ýylynyň dowamynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde hem aýdyň göz ýetirýäris. Tamamlanyp barýan ýylda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, şonuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Üstümizdäki ýylda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýokary depginde dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän şanly wakalar 2024-nji ýylyň bütin dowamynda durmuşymyzyň, döwrümiziň bezegine öwrülip, olar zähmetsöýer halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny döredýär. Halkymyzyň eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan uly tutumlaryň, başlangyçlaryň, özgertmeleriň 2025-nji ýylda hem dowamat-dowam bolmagyny üpjün etmekde ýokary işjeňlik görkezjekdigini nygtamak bolsa aýratyn ýakymlydyr.

Orazmuhammet KUWADOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar