Parahat, asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak, şöhratly Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ýaly asylly maksat jebisleşdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimlerde dowam edýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň oňyn netijeleri, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen taryhy taslamalar, dünýä döwletleri we halklary bilen alnyp barylýan dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamalarydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly ýörelgelerine berk eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur pähim-paýhas, dünýäniň syýasy-ykdysady ýagdaýyny öňdengörüjilik bilen seljermek arkaly ýöredýän ynsanperwer döwlet syýasaty gazanylýan şeýle üstünlikleriň gözbaşy bolup durýar. Munuň özi ynsanperwer daşary syýasaty gyşarnyksyz ýöredýän ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna we dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Berkarar Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýän köpugurly tutumlaryň sakasynda duran Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir.