Nesilleriň ylham çeşmesi

18 Dekabr 2024
120

Ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, harby kämilligiň mekdebi hasaplanýan Türkmenistanyň Serhet institutynda hem Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap şöhratly geçmişimiziň belent waspnamasy bolup, halkymyzyň hakydasyna doldy.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr.

Hoşgeldi TORYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.
Beýleki habarlar