Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny, nusgalyk döwletlilik ýörelgelerini beýan edýän, olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan eserdigini, onuň ýaş nesilleri watançylyk, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde gymmatly hazynadygyny aýratyn nygtadylar. «Ajaýyp kitabyň Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Täze eser geçmişde yz goýan şahsyýetlerimiziň beýik işleriniň beýany bolmak bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjymyzy artdyrýar» diýip, çykyş edenler belläp geçdiler. Merdana halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmek we ony dünýä ýaýmak boýunça tutumly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.