Belent sepgitleri nazarlap

18 Dekabr 2024
67

Ata Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Döwletiň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek we okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, sanly ulgama geçmek, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümçilik kärhanalaryny gurmak, netijede, halkyň, aýratynam ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek kabul edilýän maksatnamalaryň esasy wezipeleridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem durmuş-ykdysady ösüşleriň täze belentliklerine ýetmäge ýardam edýär. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşleriň, rowaçlyklaryň we sagdynlygyň zamanasydyr. Muny ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri hem subut edýär. Şeýle ösüşlerde ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniňem mynasyp paýy bardyr. Biz hem jemgyýetde asudalygy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has-da mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta we bedenterbiýä bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarys.

Goý, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumlary has-da rowaç alsyn!

Göwher NEPESOWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.
Beýleki habarlar