Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol bagtyýar ýaşlaryň biri hem welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mahmal owazly, kalby buýsançdan doly talyby Zaman Garlyýewdir.
Zamanyň aýdym-saza bolan höwesi çagalykdan başlanýar. Onuň dädesi Myratdurdy Garlyýew Esenguly etrabynyň Ajyýap oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysydy, ökde sazandady. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, dädesi saz çalan pursatlarynda kiçijik Zamanjyk hem özüçe hiňlenýärdi. Şeýdip, ol ýaňy üç ýaşyndaka, «Şat dünýämde ýaýnaýan» diýen aýdymy bilen obalaryndaky medeniýet öýünde çykyş edýär. Şowhunly el çarpyşmalar ýaş zehiniň göwün guşuny göge göterýär. Şol pursatdan soň ol aýdym-saz bilen bile ýaşaýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi, «Merdana nesil — 2008» atly şadyýan bäsleşigiň ýeňijisi bolýar, «Ýaňlan, Diýarym! — 2015» telebäsleşigindäki çykyşy bilen aýdym-saz söýüjileriň söýgüsini gazanýar. Watanymyzy wasp edýän aýdymlary bilen dürli çärelerde yzygiderli çykyş edýän ýaş zehin üçin ýene bir begençli, buýsançly wakalaryň biri welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagtynyň miýesser etmegidir.