Welaýatymyzyň ýaş küştçüleri Täze ýyl baýramyna uly sowgatlar bilen geldiler. Olar Tailandyň Bangkok şäherinde 7 — 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýanyň birinjiliginde medallaryň dördüsine mynasyp boldular.
Abraýly ýaryşdan gelen medallaryň ikisi küştüň rapid, galan ikisi hem blis görnüşi boýunça gazanyldy. Rapid boýunça ýaryşlarda 7 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Maksat Awlýakulyýew 72 döwlete wekilçilik eden bäsdeşleriniň arasyndan saýlanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Küştüň şu görnüşi boýunça 11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýa Baýramowa hem ýurdumyza kümüş medal bilen dolanyp geldi. Ol bu üstünligi 39 döwletiň wekilleriniň arasynda gazandy.