Uly ösüşleri başdan geçirýän bagtyýarlyk zamanamyzda adamzat ýaşaýşynyň kämilleşmegi bilen bir hatarda, özara gatnaşyklarda hem ruhy-ahlak ýagdaýlary esasy orna geçýär. Ahlaklylyk, milletine we gelip çykyşyna seretmezden, her bir halk üçin olaryň medeni we durmuşy gymmatlyklaryny ölçeýji ugur bolup durýar. Ençeme müňýyllyklary külterlän halkymyzyň adamzat gatnaşyklary babatda dünýä medeniýetine goşan goşandy ýokary adamkärçilikli, ahlakly we ynsanperwer sypatlary bilen aýratyn tapawutlandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp ýeňişleri bilen dünýä ýüzünde dabaralanýan Diýarymyzda halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleri, edim-gylymlary häzirki zaman medeniýetine laýyk derejesi bilen utgaşyp, dünýä çykýar. Bu bolsa etikanyň nusgalyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Kesp, hünär we ýaş aýratynlygyna görä özboluşly mazmuna eýe bolýan etikanyň «harby etika» diýen ugry bolsa, harby gullukçylaryň ruhy, ahlak ýagdaýlaryny, gulluk we jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryny öwrenýär. Muňa giňişleýin düşünmek üçin, ozaly bilen etika düşünjesi barada söhbet etsek, dogry bolar.
Etika — adamyň beýleki adamlara gatnaşygynyň daşky ýüze çykmalary bilen baglylykda özüňi ahlak taýdan dogry alyp barmagyň taglymatydyr. Onda daş-töweregiň bilen gatnaşyklar, ýüz tutmagyň we salamlaşmagyň görnüşleri, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Etiket bolsa şol taglymatyň dürli görnüşli edep-düzgünleridir.