Halkymyzda birek-birege dileg edilende «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýilýär. Çünki tut agajy kesellere durnukly bolup, uzak ýaşaýar. Onuň gurakçylykda, kyn şertlerde ösüp, ýaşap bilmegi halkyň ruhy durnuklylygy bilen baglanyşdyrylýar.
Tuduň miwesi, ýapraklary, hatda guran sütüni-de durmuşda peýdaly. Baglara gadyr goýýan halkymyz, tudy has-da sarpalaýar.