Halk bähbitli netijeli işler

17 Dekabr 2024
174

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar