Watan merdana nesillerine guwanýar

6 Ýanwar 2021
2350

Onuň döredijiliginde şekilli aýdymlar hem aýratyn orun eýeleýär. «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilen «Düýe çaly», «Üzärlik», «Türkmen alabaýy» ýaly şekilli aýdymlary bilen bagşy Rahman Rahmanow Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe sylag-serpaýyna mynasyp boldy.

«Halal zähmet çekip, ata Watanyň gülläp ösmegine uly goşant goşup, at-abraýyny belende göterip, halkyň söýgüsine, sylag-hormatyna mynasyp bolmak uly bagtdyr» diýip nygtaýan eziz Arkadagymyz bize döretmek, gurmak, bagtyýar döwrümize öz sesiňi goşup, yhlas bilen zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser eden Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň konsertmeýsteri, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Rahman Rahmanowyň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Oňa ýurdumyzyň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşan aýratyn goşandy, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy.

Gülälek EDEMOWA,
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar