Gylyçdurdy DURDYÝEW, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi:

17 Dekabr 2024
162

— Şu gün meniň durmuşymda iň bir ýatdan çykmajak günleriň biri. Aýdym-saz — ynsanlary birek-birege ysnyşdyrýan ajaýyp sungat. Onuň özeni mähirden püre-pür. Çünki islendik eseriňe mähir, söýgi siňdirip, yhlas etseň, ol sungata öwrülýän eken. Men gyzgalaňly hem çekeleşikli geçen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigine öňem birnäçe gezek gatnaşypdym. «Üstünlik erjellige bagly» diýlişi ýaly, ruhdan düşmän, halypalaryň gymmatly maslahatlaryny sapak edinip, täze-täze aýdymlaryň üstünde işlemegimi dowam etdirdim. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme kuboga, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldum, şeýle-de bäsleşige gatnaşan aýdymçylar bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandym. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň «Senmidiň?» aýdymyny ýerine ýetirdim we Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Bu derdi» aýdymyna sazsyz hiňlenip berdim. Aýdymlarymyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanmagy meni örän begendirdi.

Özüm çagalygymdan bäri aýdym-sazyň muşdagy. Sungat ýolunda maňa ýaşlykdan agam Yslam Durdyýew aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýadyma düşýär, ilkinji aýdan «Näzli dilber» atly aýdymym sungat muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy. 2018-nji hem-de 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi boldum. Häzirki wagtda birnäçe kompozitorlar bilen işleşip, ýygjam aragatnaşyk saklaýaryn. Özüm hem köplenç halypalaryň döredijiligine degişli bolan nusgawy aýdymlary täzeçe röwüşde işläp, döwrebap görnüşde halka ýetirmegi halaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň hoş owazly aýdymlary, şirin sazlary, çeper goşgulary biziň üçin nusgalyk mekdep bolup, täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.

Beýleki habarlar