Dünýä derejesinde sarpaly golýazmalar

16 Dekabr 2024
61

Magtymguly Pyragynyň döredijiligini düýpli öwrenmek, onuň paýhas siňen şygryýet älemini külli adamzada dolulygyna elýeterli etmek babatda alnyp barylýan işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp işleri hem-de çäksiz aladalary bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň hiç wagt gymmaty egsilmejek dürdänesi kimin eserlerini bütin dünýä wagyz etmek işleriniň yzygiderli dowam etdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.

Türkmen halkynyň akyldary Pyragynyň arzuwlan zamanasy gelip ýetdi. Golýazmalar hazynamyzda beýik Magtymgulynyň 400-e golaý golýazmasy bar. Ol 1779-njy ýylda göçürilipdir. Soňky geçirilen takyk barlaglara we hasaplamalara görä, akyldar şahyrymyz Pyragynyň diňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan diwanlarynyň sany 80-e golaýlaýar.

Allanur TÖRÄÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengeofizika» müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri.
Beýleki habarlar