Täze ýylyň bezegi

16 Dekabr 2024
133

Täze ýyl diýlende, ilki bilen, baýramçylyk arçasy göz öňüňe gelýär. Köp ýurtlarda dekabr aýynyň gelmegi bilen seýilgählerde, dynç alyş merkezlerinde we köçeleriň ugrunda bezelmegi däbe öwrülen Täze ýyl arçalary peýda bolýar. Ilki başda miweler bilen bezelen arçalar soňlugy bilen oýnawaç satýan dükanlaryň başlangyjy bilen ýalpyldawuk şarjagazlar, oýnawaçlar hem-de ýanyp-öçýän çyrajyklar bilen bezelip başlanýar. Eýsem, arça bezemek däbi nireden gözbaş alýar?

Gadymy döwürlerde adamlar tebigy durmuşda ýaşap, agaçlaryň miwesini iýipdirler, çybyklaryndan çatma, bukalgalar gurupdyrlar. Umuman, tebigatda adama iň ýakyn zat agaç bolupdyr. Ilkidurmuş adamlary agaçlarda bir güýjüň, gudratyň bardygyna ynanypdyrlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Dünýä ATAŞOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar