Täsirli geçen duşuşyk

16 Dekabr 2024
112

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Ak bugdaý etrabynda hem giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirýän çärelerde hem ajaýyp eseriň baý many-mazmuny dogrusynda söhbet açylýar.

Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň kitaphanasynda geçen duşuşyk has-da täsirli boldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň şu şanly günlerde halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitabynyň baý many-mazmunyna we terbiýeçilik ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler bu kitapda şöhratly taryhymyzyň, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiriniň, milli medeniýetimiziň, baý mirasymyzyň çeper dilde, anyk maglumatlar esasynda giňişleýin beýanyny tapýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar