Dünýä ýaň salýan şanly wakalary bilen täze taryhymyzdan orun alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýän ajaýyp menzilleriň birine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine beýik işleri amala aşyrýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, saglyk merkezleri, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalar ulanmaga berlip, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherdir obalar kemala gelýär.
Ýakynda welaýatymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri bolup geçdi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.