Gojaman Köpetdagyň eteginde orun alan Arkadag şäheri gaýtalanmajak tebigy gözelligi bilen dünýä nusgalykdyr. Sanly ulgamyň iň döwrebap ugruny özünde jemleýän «akylly» şäherde adamlaryň bagtyýar ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilendir. Bu nurana mekanda ýaşaýjylara iň döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar üpjün edilýär.
Her bir bina özüniň ajaýyplygy, milli hem-de döwrebap keşbi bilen tapawutlanýar. Olar ata Watanymyzyň ajaýyp şäheriniň özboluşly görki, ajap eýýamyň nyşanlary bolup durýar. Özi hem bu ajaýyp binalarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokary derejede üpjün edilendir. Biri-birinden zyýada binalaryň ählisiniň tehnologik programmalarynyň türkmen ýaşlary tarapyndan işlenip düzülmegi sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär. Bu günki gün türkmen hünärmenleri awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we ählumumy sanlylaşdyrmagyň barşynda bilim-başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Sanly tehnologiýalara üstünlikli erk edýän we durmuşa geçirmekde başarnyklaryny görkezýän ýaş hünärmenler «akylly» ulgama oňat düşünýärler. Şoňa görä-de, sanly ulgamda ýaş hünärmenleriň başarnygyna uly üns berilýär. Munuň özi bolsa sanly mümkinçilikleriň halkymyzyň durmuşyna pugta ornaşýandygyny, döwrebap ösüşleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda durmuşa geçirilýän işler, ajaýyp binalar biziň her birimizde buýsanç döredýär. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň ajaýyp keşbi, bu ýerde geçirilýän medeni dabaralar, ylmy maslahatlar we ýokary derejedäki çäreler uly mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr.