Okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak

15 Dekabr 2024
196

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ata Watanymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän işler yzygiderliligi, toplumlaýynlygy we maksada okgunlylygy bilen uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda ýaş nesliň dünýä dillerini özleşdirmeklerine, olaryň dünýägaraýşynyň giňemegine hem uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, orta mekdeplerde geçilýän iňlis dili sapaklarynda okatmagyň täze, döwrebap usullary ulanylýar.

Orta mekdeplerde iňlis diliniň öwredilmegi okuwçylaryň gözýetimleriniň giňelmegine, dil baýlyklarynyň ösmegine alyp barýar. Şonuň üçin iňlis dilini öwretmekde täze tehnologiýalaryň hyzmaty uludyr. Döwrebap tehnologiýalaryň sapaklarda peýdalanylmagy täze usulyýetleri ýüze çykardy. Şeýle usulyýetleriň kämilleşdirilmeginde okatmagyň döwrebap serişdeleriniň okuw işinde ulanylmagy ygtybarly orny eýeleýär.

Altyn WELHANOWA,
Ýolöten etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar